
Dünýäniň Gün bilen nura, görke beslenişi ýaly, ynsanyň hem ruhy dünýäsini nurlandyrýan, oňa ýagtylyk berýän bir «Gün» bar. «Ol nähili Gün?» diýýärsiňizmi?! Ol biziň içki dünýämize ýagtylyk berýän, köňlümize mähir, söýgi tohumyny ekýän gymmatlykdyr. Şeýle gymmatlyk ylym-bilimdir. Ylym bizi garaňkylykdan halas edýän, ýörejek ýolumyza yşyk berýän bir çyragdyr.
Ylym ýoluna düşen her bir ynsan öz durmuşyny-da, ýaşaýşyny-da gözellige, ýagşylyga besleýär. Egin-eşik adamyň daşky keşbini, bedenini gözelleşdirýän bolsa, ylym-bilim, edep-terbiýe onuň ruhuny, kalbyny tämizleýär, arassalaýar. Geçmişde ylym-bilimi uly gymmatlyk derejesine göteren ata-babalarymyz: «Goýun bakan çöl tanar, ylym okan ýol tanar», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al, daşa ýaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç», «Ylym — akylyň ýarysy», «Bilegi zor birini ýykar, bilimli zor – müňüni»… ýaly nakyllardyr atalar sözüni ýönelige döreden däldir.
Ylym hakynda söz açylanda, bir dananyň şeýle sözleri ýadyma düşýär: «Eger ylym bir surat bolsady, ynsanlar ondan başga gowy zada seretmezdiler». Taryhda ylym öwrenip, uly derejelere ýeten ägirtleriň — Mahmyt Kaşgarlynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mäne babanyň… atlary häli-häzirem kalbymyzda, ýüreklerimizde ýaşaýar. Olaryň bize goýup giden edebi mirasy, ylym hazynalary ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.
Mährijemal GURBANOWA,
TOHI-niň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.