Taryhda pul uruşlaryň, filmleriň we romanlaryň baş temasy bolupdy. Müňlerçe ýyl bäri güýjüň alamaty bolan pul hakynda 10 sany gyzykly maglumat:
- Puluň ýerine ulanylan zatlar näme?
Taryhy ýazgylara görä, duz, ýer, çaý, hatda azyk önümleri hem puluň ýerine ulanylypdyr.
- Pul haçan oýlanyp tapyldy? Jogaby: B.e. öňki VII asyrda Anadolydaky Sart akymynyň kenarynda ýaşaýan lidiýalylar demir teňňeleri ýasap başlapdyrlar.
- Ilkinji ýatlama teňňesi haçan berildi?
479-njy ýylda Gadymy Gresiýa parslardan üstün çykandan soň, bu ýeňşiň hatyrasyna dolanyşyga girýän teňňäniň arkasyndaky nagyş üýtgedilýär we teňňäniň diametrini ulaltmak bilen taryhda belli bolan ilkinji ýadygärlik teňňesi çykarylýar.
- Ilkinji kagyz pullary haçan ulanyldy?
Kagyzy oýlap tapan hytaýlylar, ilkinji kagyz pullary VI asyrda çap edipdirler.
- Dünýädäki iň owadan teňňe haýsy?
«1000 Gazak Tenge» yzly-yzyna üç gezek dünýäniň iň owadan teňňesi hökmünde saýlanyldy.
- Ilkinji bankomat nirede gurulypdyr?
Bu awtomatiki enjam 1967-nji ýylda Londonda ilat üçin hyzmat edip başlaýar.
- Kagyz puluň çig maly näme?
Banknotyň çig maly, pagtanyň özenini ýapýan linterler diýilýän gysga süýümlerdir.
- Dünýäde näçe sany walýuta bar?
Hazirki wagtda dünýäde ulanylýan walýutalaryň sany 170-den gowrakdyr.
- Numizmatika näme?
Köne teňňeleri öwrenýän ylma «numizmatika» diýilýär.
- «Bitcoin» ilkinji gezek haçan ulanyldy?
2010-njy ýylda.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Atajan HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.