Hindistanda Çagalaryň güni 14-nji noýabrda, garaşsyz Hindistanyň ilkinji premýer-ministri Çaça Nehrunyň (Nehru daýy) doglan gününde bellenilýär.
Surinamda Çagalaryň güni 5-nji dekabrda bellenilýär. Ol gün, adatça, 12 ýaşa çenli çagalar ene-atalaryndan sowgat alýarlar. Bu däp Ekwador döwletinde hem şeýledir.
Slowakiýada şol gün çagalar haýwanat bagy ýaly käbir ýerlere mugt syýahat edip bilýärler.
Günorta Afrika Respublikasynda Çagalaryň güni noýabr aýynyň ilkinji şenbe güni bellenilýär, ýöne onçakly ähmiýet berilmeýär.
Singapurda bu baýramy geçirmek 1-nji oktýabr gününe resmileşdirilendir. Şol gün çagalar bagyndaky çagalar we başlangyç synpdaky okuwçylar okuwlaryndan boşadylýar.
Meksikada Çagalaryň güni 30-njy aprelde bellenilýär. Mekdep mugallymlary okuwçylary üçin gurnaklar taýýarlaýarlar. Şol gün kabir mekdeplerde sapaklar geçilmeýär. Olar dürli oýunlar, aýdym-sazlar gurnaýarlar we çagalar gowy görýän naharlaryny getirip, ýoldaşlary bilen paýlaşýarlar.
Mawrikiýada 1991-nji ýylda Halkara Afrika çagalarynyň güni esaslandyryldy.
Maldiwlerde bu baýram 10-njy maýda bellenilýär. Şol güni hemme mekdep okuwçylary baýramy gutlamak üçin mekdeplere gidýärler.
Koreýa Respublikasynda 5-nji maý Çagalaryň günüdir. Ene-atalar wagtlaryny çagalary bilen geçirýärler, olary haýwanat baglaryna, muzeýlere we çagalar üçin gurnalan ýerlere syýahata alyp gidýärler.
Ýaponiýada Çagalar gününiň bellenilişi has-da üýtgeşik. Her ýylyň 3-nji martynda gyz çagalaryň, 5-nji maýda oglan çagalaryň baýramçylygy bellenilýär. Bu däp 1948-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär.
«TürkmenGazet».