Habarlar

Bütindünýä ykdysady forumy

30-05-2022 / 24

2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) öz işine başlady. Dünýädäki pandemiýa ýagdaýlary sebäpli Bütindünýä ykdysady forumyň ýyllyk maslahaty 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri sanly ulgam arkaly geçirilipdi. Bu maslahatyň esasy mowzugynyň ady «Taryhyň öwrülişikli pursaty: döwlet syýasaty we biznes strategiýasy». Forumyň dowamynda azyk howpsuzlygy, pandemiýadan soňky ykdysady dikeldiş, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş hem-de dördünji senagat rewolýusiýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak ara alnyp maslahatlaşylar.

Şu ýylky Dawos forumy 50-den gowrak döwlet Baştutanyny, şol sanda, 2 müňden gowrak işewüri bir ýere jemledi. Maslahata Awstriýanyň Kansleri Karl Nehammer, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Yragyň Prezidenti Barham Saleh, Polşanyň lideri Anjeý Duda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Ermenistanyň Prezidenti Wagn Haçatrýan, Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) başlygy Janni Infantino, şeýle hem NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg gatnaşýar. Hytaýa Howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Se Çženhua wekilçilik edýär. Şeýle-de, bu foruma ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Jon Kerri, ABŞ-nyň söwda sekretary Jina Raimondo, şeýle hem birnäçe senator we kongresmen gatnaşýar.

Dawos forumynda global we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, dürli pudaklarda innowasiýalary ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk meseleleri ileri tutulýan esasy meseleleriň biri bolar.

Atajan HAMRAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu