
Bir adamdan:
— Güýz gowumy ýa-da bahar? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Bahar gözler üçin, güýz agyz üçin gowy — diýip jogap beripdir.
* * *
Halyl şeýle diýipdir: «Günler üç görnüşlidir: geçilen, görlen we wada berlen. Olar düýn, şu gün we ertirdir».
* * *
Halyl: «Ýalňyşlygyň iň erbedi bilgeşleýin ýalňyşmakdyr» diýýär.
* * *
Bir adam Hasan Basrydan:
— Eger-de gürläniňde birden ýalňyşaýsaň näme etjek?— diýip soranda, ol:
— Men birden ýalňyşlyk goýberilýän ýaşdan geçdim — diýip jogap berýär.
ajaýyp