Bir gezek dana Buzurgmihr zyndana düşüpdir. Dostlary oňa şeýle sowal beripdirler: “Sen şu betbagt günüňde köşeşmek üçin özüňe nähili göwünlik berýärsiň?”.
— Men häzir dört pähimi häli-şindi gaýtalaýaryn: birinjiden, men özüme: “Ählisi maňlaýyňa ýazylandyr, ýazylandan bolsa, gaçyp gutulyp bolmaz” diýýärin. Ikinjiden, men özüme: “Sen mundan agyr betbagtçylyga-da uçrap bilerdiň” diýýärin. Üçünjiden, men özüme: “Bu horluklar saňa bagly zat däldir. Şonuň üçin hem çydamalysyň” diýýärin. Dördünjiden, men özüme: “Belki, halas boljak pursatym ýakynlap ýörendir, meniň bolsa, hiç zatdan habarym ýokdur” diýýärin.
Hökümdaryň pendi
Bir hökümdar bir ýurdy basyp alypdyr. Onsoň ol bellän dikmesine şeýle pent edipdir: “Oňat adamlar bilen dost bol, ýaramaz adamlar bilen zalym bol. Galanlary bilen bolsa, kanun boýunça iş gör!”.
Ýalňyşmak
Kim: “Özgeler bolmasa-da öz günümi görerin” diýýän bolsa, ýalňyşýar. Emma, kim: “Özgeler mensiz oňup bilmezler” diýýän bolsa, ol has gaty ýalňyşýar.
ajaýyp