Alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýurdumyzda bellenilýän goşa baýrama — Aşgabat şäheriniň gününe we «Soňky jaň» dabarasyna halkara derejedäki üstünlikleri bilen sowgatly geldi, diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmen pälwanlary Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň 15-sine mynasyp boldular. Göreşiň bu görnüşiniň erkin usulynda bolsa türkmen pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler.
Yklym çempionatynyň ilkinji gününde nusgawy usuldaky ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz medallaryň 8-sini eýelediler. Olaryň üçüsi altyn, ýene şonçasy kümüş, ikisi bolsa bürünç medallardyr.
Ýeri gelende aýtsak, alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatyna 14 döwletden 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Olaryň 12-si türkmenistanly türgenlerdir. Pälwanlarymyzyň gazanan bu üstünligi türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýyna abraý goşdy.
«TürkmenGazet».