ReportažSlider

Ýaşlygyň nurana baýramy

26-05-2022 / 12

Habar berşimiz ýaly, 25-nji maýda uçu­rym­lar mek­dep bi­len, mu­gal­lym­la­ry bi­len hoş­laş­dy­lar, mu­gal­lym­la­ra hem-de ene-ata­la­ra ho­şal­lyk bil­dir­di­ler, tä­ze okuw ýy­lyn­da mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ge­zek ät­le­mä­ge taý­ýar­lan­ýan kör­pe­le­re bi­lim­ler dün­ýä­si­ne ga­dam ur­ma­gyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­ny gow­şur­dylar.

Ag­şam Döw­let sir­ki­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, “Aşga­bat” aý­dym-saz mer­ke­zin­de bol­sa sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti ge­çi­ril­di. Ar­tist­ler aýdymla­ry­ny aja­ýyp paý­tag­ty­my­za, mäh­ri­ban bi­lim ojak­la­ry­na, Wa­ta­ny­my­za hem-de türk­men hal­ky­my­za bo­lan söý­gä ba­gyş­la­dy­lar. Ho­re­og­ra­fik we folk­lor to­par­lar, ýaş est­ra­da ýe­ri­ne ýetirijile­ri to­ma­şa­çy­la­ry öz çy­kyş­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler.

Or­ta mek­dep­le­riň uçu­rym­la­ry­nyň hor­ma­ty­na dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da-da ge­çi­ril­di.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu