25-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşan hususy kärhanalaryň biri-de «Balam» konditer önümleri kärhanasydyr.
«Balam» konditer önümleri kärhanasynyň hünärmeni Aýna söhbetdeşligimizde bize bu hususy kärhana barada birnäçe maglumatlary berdi.
Bu kärhana 2016-njy ýylyň noýabrynda esaslandyrylypdyr. Ilkibaşda önümçilik işine tortuň 5 sany görnüşini öndürmek bilen işe girişen «Balam» häzirki wagtda önümçiligini iki ugur boýunça: gatlakly we konditer önümleri görnüşinde alyp barýar. Hususy kärhanada häzirki wagtda 140-a golaý konditer önümleri, 80-e golaý bolsa gatlakly önümleriniň görnüşleri öndürilýär.
Hususy kärhananyň hünärmenleriniň gürrüň bermegine görä, kärhana geljekde-de halkyň göwnünden turýan harytlaryň sanyny has giňeltmegi meýilleşdirýär. «Balam» konditer önümleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak bazarlaryny bezeýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.