Bu boýunça degişli karar Azerbaýjan Respublikasynyň Şamahi şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji duşuşygynda kabul edildi.
«Duşuşyga TDG-niň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň başlygy Fuad Nagiýew, şeýle-de Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşýar» diýip, Özbegistanyň «Darakçi» internet neşiri habar berýär.
Bellemek gerek, Şamahi şäheri Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşen taryhy we syýahatçylyk ähmiýete eýe bolan şäherdir. Hut şonuň üçin-de, ol 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlanyp alyndy.
«TürkmenGazet».