Siziň üçin...Slider

Aşgabat — rekordlaryň şäheri

25-nji maý - Aşgabat şäheriniň güni

25-05-2022 / 8

Paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan ilkinji şäherleriň biridir. 2016-njy ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy.

Ozal hem Aşgabadyň gaýtalanmajak täsinliklerine bu kitapdan ýer berlipdi: 2008-nji ýylda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet muzeýiniň öňündäki Türkmenistanyň Döwlet baýdak sütüni, 2010-njy ýylda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän «Oguzhan we onuň ogullary» suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, 2012-nji ýylda «Älem» medeni-dynç alyş merkezi we «Bagt köşgi», 2016-njy ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili, 2017-nji ýylda Aşgabat Olimpiýa stadiony hem-de Olimpiýa suw-sport toplumy.

Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň gözel paýtagtyna – rekordlar şäheri diýmek bolar. Sebäbi Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Daşary ýurtly myhmanlaryň paýtagtymyz bilen tanyşlygyny hut şol desgalardan başlamagy hem kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Islendik ýurda gelen myhman, ilki bilen, onuň paýtagt şäherine seredip, şol ýerdäki ösüş-özgerişlere baha berýär. Watanymyzyň ýüregi Aşgabat bolsa ýurdumyza gelýän wekiliýetleriň, syýahatçylardyr myhmanlaryň mynasyp derejede garşylanýan, Türkmenistan hakynda ilkinji täsirleriniň döreýän ýeridir. Aşgabada «ýurdumyzyň ýüzi» diýilmeginiň düýp sebäbi-de hut şunuň bilen baglanyşyklydyr.

Maral GAÝYPOWA,
TDP-nyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu