
Şu gün — 25-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, işewürler gatnaşdylar.
Forumyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirdi. Her ýyl geçirilýän gözden geçirilişde ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri tanyşdyrylýar.
Sergi öz işini iki günläp dowam eder.
«TürkmenGazet».