Şu gün — 25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin «Soňky jaň» owazy ýaňlandy.
Dabaraly günde mekdep uçurymlaryna ak pata berip, täze bir durmuşyň gujagyna atarýan mähriban mugallymlaryň mähirli sözleri hemişe kalbymyzda ýaşaýar. «Soňky jaň» dabarasynda uçurym ýaşlaryň arassa asmana uçurýan parahatçylygyň buşlukçysy bolan ak kepderileriniň ak mekdebiň üsti bilen bir aýlaw edip, uzaklara ganat ýaýyp gidişlerinde özboluşly gözellik we many bar. Uçurymlar hem orta bilim baradaky şahadatnamany ellerine alyp, mekdep ýyllarynda alan bilim-terbiýelerinden ganatlanyp, uly durmuşyň giňişligine — çagalyk arzuwlarynyň çagyrýan, höweslerini amala aşyrmak ugrunda öňde duran basgançaklardan üstünliklere sary uly höwes bilen uçýarlar.
Okuw döwründe alnan gymmatly bilimler uçurymlaryň geljekki durmuşda dürli hünärleri üstünlikli özleşdirmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder, täze durmuş bolsa soňky jaňyň ýaňlanmagy bilen başlanýar.
Nesip bolsa, ak mekdebi tamamlan bagtyýar ýaşlar, täze bilimler dünýäsine aralaşyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, özleriniň çagalykdan arzuw eden hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişerler.
Bagtyýar uçurymlara uly durmuş, ýagty geljek, arzyly üstünlikler ýar bolsun!
Aýlar KERIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.