24-nji maýda paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Aşgabat monumentiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlandy.
Konserte paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Türkmen estradasynyň parlak ýyldyzlary, ýaş ýerine ýetirijiler ajaýyp aýdymlary bilen gözel paýtagtymyzy, ata Watanymyzy, päk söýgini wasp etdiler. Konsertden fotosuratlara möhürlenen pursatlara ŞU ÝERDE tomaşa edip bilersiňiz!
«TürkmenGazet».