Aşakdaky surata ünsli serediň. Siz haýsy ýodany saýlarsyňyz?!
- Birinji ýodany saýlan — Siz erkinligiň ýodasyny saýladyňyz. Siziň üçin özbaşdaklyk we erkinlik esasy zatdyr. Siz öz durmuşyňyzyň döredijisi. Netije çykarmazdan ozal, siz mesele çözmekligiň ähli görnüşlerini saýlap-seçýärsiňiz. Öňde goýlan maksadyňyzyň tutanýerli ýerine ýetirilmegini gazanýarsyňyz. Siz durmuşdan lezzet almagy we wagty paýhasly ulanmagy başarýarsyňyz.
- Ikinji ýodany saýlan — Siziň ýodajygyňyz bu siziň artykmaç adamlara ýer bolmadyk kiçijik şahsy dünýäňiz. Size öz-özüňiz bilen ýekelikde bolmak has rahat. Siz syýahatlary we köpçülikleýin çärelere ýekelikde gatnaşmagy halaýarsyňyz. Siz birek-birek bilen söz alyşmaly adamlara mätäç däl. Siz hakykatdan hem öz dostlaryňyzy gowy görýärsiňiz, emma wagtal-wagtal şahsy giňişlik siz üçin wajyp.
3. Üçünji ýodany saýlan — Size reňkli we oňaýly (pozitiw) deňiz garaşýar. Siz öz durmuşyňyzy humarsyz, gözel başdan geçirmeli hadysasyz göz öňüne getirip bilmeýärsiňiz. Siz öz ruhuňyzda tukatlygy göterip bilmeýärsiňiz. Siz elmydama okuwçy. Siz örän bilesigeliji we siz her bir soraglara gyzyklanma bildirýärsiňiz. - Dördünji ýodany saýlan — Siz saýlan ýodajygyňyza görä size gyzykly başdan geçirmeli wakalar garaşýar. Siz hakykatdan hem öz geljegiňizi pikir edip, täze-täze zatlary etmeklige synanyşýarsyňyz. Mümkin, siz hyjuwly we howlukmaçsyňyz hem-de öz hereketleriňiziň netijeleri barada seýrek pikir edýärsiňiz. Töweregiňizdäkiler siziň özüňizi alyp barşyňyza hem-de ýiti täsirleriňize geň galýarlar. Hatda hiç kim siziň wagtyňyzy boş geçireniňize hem söz tapmaýarlar.
- Bäşinji ýodany saýlan — Siziň gapyňyz isleg bildirýän ähli adamlar üçin açykdyr. Siz üçin dünýä, rahatlyk hem-de tebigy owadanlyk möhüm. Siz akyma görä ýüzýärsiňiz we deňagramlygy saklamaga çalyşýarsyňyz. Siz sahnadan gaçmagyň ussady.
- Altynjy ýodany saýlan — Siz parahatlygyň we asudalygyň ýoluny saýladyňyz. Siziň durmuş ýoluňyz ýekelik, ümsümlik, seresaplylyk, hem-de wepaly dostlar bilen gurşalan. Siz “Dosduň könesi ýagşydyr” diýen nakyla eýerýärsiňiz. Siz hakyky dogry gözleýji. Siz elmydama durmuşyň manysynyň gözleginde gezýärsiňiz. Siz belli bir derejede akyldar we filosof.
«TürkmenGazet».