Asmanda görünýän buludyň göwrümi 4 milliard kub metrdir. Şeýle ululykdaky buludyň düzüminde müň tonnadan bäş müň tonna çenli suw bar. Şeýle agramy bolan bulut nädip asmanda saklanyp bilýärkä?! Bu sowal hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.
Arassa asmanyň görki bolan bulutlaryň, hakykatdan-da, özboluşly aýratynlyklary bar. Olaryň hiç birisiniň göwrümi ýa-da şekili beýlekisine meňzemeýär. Sebäbi olaryň döremegine öz täsirini ýetirýän howa akymlary, gyzgynlyk, basyş, howadaky tozanyň mukdary ýaly birnäçe sebäpleri bar. Gyzgynlyk derejesi artdygyça, ýer ýüzünden bugarýan suw wagtyň geçmegi bilen asmana göterilýär. Belli bir beýiklikde basyşyň azalmagy, howanyň sowamagy bilen bugaran suw kiçijik suw damjalaryna öwrülip, bulutlary emele getirýär. Bir ýagyş damjasynyň emele gelmegi üçin bu damjajyklaryň millionlarçasynyň birleşmegi zerurdyr.
Bulutlaryň agramynyň örän agyrdygyna garamazdan, ýere düşmän asmanda durýandygynyň sebäbi, şol damjajyklaryň juda kiçi bolmagydyr. Bulutlar şekiline we ululygyna görä birnäçe topara bölünýär. Olary emele getirýän damjajyklar kiçijik bolandygy sebäpli, Günden gelýän şöhleleri göni serpikdirýär. Şeýle bulutlar bize pagta ýaly ak bolup görünýär. Suw damjajyklary birleşip, olaryň göwrümi has ulalandan soňra, Gün şöhleleriniň serpikdirilýän mukdary azalyar. Şu sebäpden hem, ýagyş ýagmazynyň öň ýanynda asmanda görünýän bulutlaryň reňki çal, hatda gara ýakyn bolýar.
Çemen AMANOWA,
TDP-nyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni.