- Bilmek — ylym bilen amalyň bitewüligidir.
- Men-menlik adamzatdan başga närseleriň harap bolmagy üstaşyry aýlanyp, onuň öz haraplygy bilen gutarýar.
- Ömür özüňi döretmegiň pursadydyr.
- «Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.
- Köňli ýykmak Hakyň ýaradanyna, ýagny erkine pitjiň atmakdyr.
- Adyl patyşa — jemgyýetiň ruhy mugallymydyr.
- Käşgä ynsanlar ilki tanaýşymyzdaky ýaly galsadylar.
- Garaşýanyň-a gelmez, kowýanyňam gitmez. Durmuş-da…
- Kimde-kim özüne degişli bagty bilmekçi bolsa, onda ol hökman hemme zatdan daşlaşyp görmeli.
- Näzik zatlar özüni goramaga has ukyply bolýarlar.
- Dowzah-a giresim gelmeýär, jennede hem özüm baramok.
- Hemme zatlar geçýär, diňe geçmeýän zat — dünýäniň özi.
Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
ajaýyp