Galkynan göwnüme ganat beklediň,
Mähriban mekdebim,
Men bu gün uçýan.
Eken almalarym gol bulap galýar,
Özum indi senden arany açýan.
Bu agşam üýşüşip,
Iň soňky sapar
Klaslardan klaslara aýlanýas.
Eziz mugallymlaň alkyşy bile
Irden uzak menzillere şaýlanýas.
Ikilik üçinem,
Bäşlik üçinem,
Merdem mugallymlar, minnetdar size!
Çalardykça siziň gara saçlarňyz,
Kem-kem akyl geldi,
Aň geldi bize.
Synaglar üçinem,
Sylag üçinem
Mydam,
Mugallymlar,
Size bergidar.
Il derdine ýarap,
Ýaşadygmyzça,
Size borjumyz bar,
Size hormat bar.
Bu hoşlaşyk aýdymynyň owazy
Ýaňlanar ýalynly kalbymda meniň.
Eziz partadaşlar,
Nirde bolsagam,
Bu aýdymy eşdeňizde, sesleniň.
Senem bu aýdymy unutma, mekdep,
Unutma eý gören körpeleriňi.
Nirede bolsagam,
Göwnumiz küýsär
Adam etjek bolup döken deriňi.
Nirede bolsagam,
Göwnumiz küýsär
On ýyl owaz beren mekdep jaňyny.
Ýap boýunda aýdym bilen gutlaýas
Täze dünýämiziň ilki daňyny.
Al şapak gyzartdy alma bagyny,
Ýörüň, partadaşlar,
Ýola besleniň.
Nirä ekitse-de ykbalyň aty,
Şu aýdymy eşdeňizde, sesleniň!
1969
Ata ATAJANOW.