21-nji maýda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Botanika» bagynda mekdep ýaşyna ýetmedik, kiçi ýaşly çagalar we mekdep okuwçylary üçin konsert guraldy.
Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň agzybir işgärleri, ýetginjekler öýüniň tansçylar toparlary we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş aýdymçylary çykyş etdiler.
Konsertiň dowamynda kiçi ýaşly çagalaryň arasynda gyzykly ýaryşlar hem guraldy. Aşgabat şäheriniň «Botanika» bagynda geçirilen bu gyzykly baýramçylyk konserti ýaşaýjylaryň we oňa gatnaşan myhmanlaryň şeýle-de kiçi ýaşly çagalara ruhy lezzet paýlady.
«TürkmenGazet».