Habarlar

Ýurdumyzda «Türkmen teatr sungaty» festiwaly açyldy

21-05-2022 / 14

Şu gün — 21-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatr wekilleriniň, teatr toparlarynyň, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Baş drama teatrynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň teatr sungatynda gazanylýan üstünlikleri çeper şöhlelendirýän  wideoşekil  görkezildi. Şeýle-de ykbalyny sahna sungatyna bagyşlan halypa artistleriň birnäçesi çykyş etdiler.

Festiwalyň açylmagy mynasybetli Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň Özbegistanyň, Täjigistanyň meşhur teatrlarynyň ýolbaşçylary we artistleri sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

21 – 25-nji maý aralygynda geçirilýän festiwalyň meýilnamasy ýaş hem-de uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen onlarça sahna eserlerini, şeýle-de  köpsanly duşuşyklaryny öz içine alýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu