Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr.
2014-nji ýylda Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, 2016-2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi, 2017-2018-nji okuw ýylyndan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň işe başlamagy, umumy bilim berýän mekdeplerde türkmen, iňlis, rus dilleri bilen birlikde hytaý we ýapon dilleriniň girizilmegi, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa goýberilmegi, her ýylda aspirantura, doktorantura dalaşgärleriň kabul edilmegi döwlet derejesinde ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Her ýylyň iýun aýynyň 12-sinde «Ylymlar güni» bellenilmegi, biziň döwletimizde ylma, ylym adamyna goýulýan sarpanyň belentdigini dünýä ýüzüne äşgär etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda gol çeken «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirmek hakynda» Kararynyň esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her ýyl ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini geçirýär. Bu möhüm çäre ylma höwesjeň ýaşlary ýüze çykarmaga, döredijilikli işlemäge, ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ýokary hünärli, tejribeli ýaş ylmy işgärleri taýýarlamaga giň ýol açýar.
Ylmyň jemgyýetdäki ornunyň has ýokarda durýandygy onuň ýurduň ähli ösüşleriniň gözbaşydygyny aňladýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde wajyp orun ylma degişlidir.
Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.