Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Türkmeniň urp-adatynda, ynanç-ygtykatynda dili dogaly adamlara aýratyn sarpa goýmak ýörelgesi bar. Sebäbi olar söz mülkünden beýik eserleri döredip, biziň dünýämiziň bahasyz gymmatlygyna öwrülmegi başaran adamlardyr.
Beýik akyldar diňe kitaplara däl–de, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň setirlerinde milli ýörelgelerimiz, ruhubelentlik ýoly wasp edilýär. Sebäbi şahyryň her bir sözi ýüreklerde orun alýar.
Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy ugur adam terbiýesi bolup, adamyň belent mertebesini wasp edýär. Akyldar şahyr adamyň sarpasyny has belende göterýär. Şahyryň döredijiliginde adamynyň gadyryny bilmek, ynsan mertebesini sarpalamak öňe sürülýär.
Şahyryň döredijiligine näçe çuňňur aralaşdygyňça onuň many-mazmunly setirleriniň syrly ýumagy bizi paýhaslar älemine alyp gidýär. Bu barada şahyryň özi hem:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin açan ýokdur.
− diýip jaýdar aýtmagy hem ýöne ýerden däldir. Görnüşi ýaly, pähimdar şahyryň döredijilik akabasyny arçadygyňça akar çeşme deýin daşyp gidip otyr.
Şahyryň goşgulary dilden-dile geçip halk arasyna giňden ýaýrandyr. Şonuň üçin wagtal-wagtal şahyrlarymyzyň, danalarymyzyň sözlerini okap, olardan täsirlenip durmalydyrys.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.