SliderŽurnalistiň sahypasy

Görenem armanda, görmedigem…

19-05-2022 / 8

Dünýäde biri-birinden zyýada şäherler köp. Emma şeýlebir şäherler bar: özüne, adyna, taryhyna we şu gününe, milliligine mahsus ajaýyplyklary bilen göreniň nazaryny egleýär. Biziň ata Watanymyzyň paýtagty – ine, şeýle bitekrar şäher.

Aşgabada bir gelen adam ýene-de gelmegi niýet edýär. Türkmen ertekileriniň birinde aýdylyşy ýaly, ony görenem armanda, görmedigem. Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmen ruhunyň beýany mesaňa bilniklidir. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly bu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär.

Aşgabat – asuda, abadan ýaşamak üçin iň amatly we iň howpsuz şäher.

Aşgabat – gözelligiň, döwrebap binagärligiň nusgasy.

Aşgabat – sebitde we dünýäde ykbal çözüji çözgütleriň kabul edilýän ylalaşdyryjy merkezi.

Aşgabat – ylmyň we bilimiň, medeniýetiň ojagy.

Aşgabat – ekologiýa taýdan arassa şäher.

Aşgabat – döredijileriň, gurujylaryň, gujurlylaryň şäheri.

Aşgabat – söýgüniň şäheri.

Şeýle hakykatlary isledigiňçe uzaldybermeli. Olaryň ählisini jemläniňde, bir netije gelip çykýar: Aşgabat – türkmen dünýäsiniň ýüregi.

Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmen ruhunyň beýany aýdyňdyr. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly bu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär. Ony häzir Merkezi Aziýanyň merjeni diýip mynasyp atlandyrýarlar. Aşgabat – sebitiň iri işewür, medeni we sport merkezi. Ol – depginli ösýän şäheriň – geljegiň şäheri.

Öwezmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu