Göwün küýsegiSlider

Gel, hasaply bolaly!

Ýaş şahyr gyz Altyngözel Amanmämmedowanyň döredijilikdäki ädimleri örän dogumly. Onuň bu goşgularynda entek açylmadyk dünýä — söýgi älemi dogrusynda özboluşly pikir ýöredilýär

19-05-2022 / 230

MEN SENIŇ DÜNÝÄŇDE GALASYM GELÝÄR
Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Hem ganasym gelýär yssy mähriňden.
Öçügsi umytlam biraz janlanýar,
«Seni ýitirmerin» diýen ähtiňden.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Ornaşasym gelýär seniň ýadyňa.
Sen bolmasaň kim ýetişer, ezizim,
Duman örten duýgularmyň dadyna?

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Duýdurasym gelýär bir ýerde barym.
Hem aýdasym gelýär Aýyň astynda,
Hiç kese dözmedik sözlermiň baryn.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Mende göwnüň ýokdugyny bilsem-de.
Ýöne garaş. Bir gün sensiz günleriň
Perdesini ahyrsoňy böwserin-de,
Ýaşaryn söýgini süňňüme öwrüp,
Her eşdemde howsalamy artdyran—
adyň ýöňkemede menlige öwrüp.

GEL, HASAPLY BOLALY!
Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil sen.

Geçir sen yşkymy  kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,
Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym,
Seni niçik söýýänimi sorama.

GORKY
Gezip ýörsem, bolup ýörsem,
Bady alnan çaga ýaly.
Geçmişiňde söýen gyzlaň,
Näme, elin galgaýamy?

Başarmasam unutdyryp,
Kalbyň öňki eýesini.
Eýeli jaýda ýaşan dek,
Ýetip dursa teýenesi.

Ýetibem arzuwlaryma,
Günler gussamy kemmese.
Geçmiş bilen werziş bolup,
Söýmäge eliň degmese.

Haraý isläp töwerekden,
Dört diwara bolsam bakna…
Hawa, senli hemem sensiz,
Takdyrymdan juda gorkýan.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu