- Öz ýolumyzy bilim çyragy bilen özümiz ýagtylandyrmasyzdan, özgelere ýol görkezip bilmeris.
- Bilimiň baş maksady özünden öňki nesilleriň döreden zatlaryny gaýtalamak däl-de, täze zatlary döretmäni başarýan adamlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.
- Giň garaýyşly bilimiň ilkinji maksady adamyň aňyny ýagşylyga gönükdirmekden ybaratdyr.
- Alan bilimiň seniň abraý-mertebe gymmatlygyňdyr.
- Bilim biziň öwrenmedik zatlarymyzdan ybarat zatdyr.
- Ähli bilimleriň iň gymmatly netijesi, megerem, ýerine ýetirmeli işleriňi, isleseň-islemeseň, wagtynda bitirmeklige özüňi mejbur etmek başarnygyndan ybarat bolsa gerek. Bu ilkinji nobatda öwrenilmeli sapakdyr. Adam bu sapagy özleşdirmäge näçe ir girişse, soňky sapaklaryny dolulygyna öwrener.
- Bilimli — bu täze pikirleri döredip bilýän we beýlekiler bilen sypaýy bolmagy başarýan adamdyr.
- Çaga bilim bermegiň maksady oňa özbaşdak, mugallymsyz bilimini artdyrmak başarnygyny öwretmekden ybaratdyr.
- Bilim sowatsyzlygymyzyň öňüni almagyň açyşydyr.
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.