18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
Milli döwletlilik ýörelgelerini, türkmen halkynyň gymmatly demokratik tejribelerini jemleýän Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň we Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň döredilmeginiň gününi alamatlandyrýan bu ählihalk baýramçylygy ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy hem-de agzybirligimizi dabaralandyrýar.
«TürkmenGazet».