SliderŽurnalistiň sahypasy

Döwletliligiň nyşany

18-05-2022 / 29

Dünýä jemgyýetinde her bir döwletiň taryhyny, däp-dessurlaryny beýan edýän milli döwlet nyşanlary bar. Ol nyşanlar milletiň, halklaryň kemala gelip ugran döwürlerinde ýüze çykypdyr. Soňra bolsa döwlet gurluşlarynyň döräp, döwletleriň emele gelmegi bilen resmi nyşanlar hökmünde tassyklanylypdyr.

Käbir ýurtlaryň döwlet tuglaryny şekillendirmekde ir wagtlardan bäri ýolbars, aždarha ýaly haýwanlaryň şekilleriniň ulanylmagy giňden ýaýrapdyr. Şeýle hem birentek döwlet nyşanlary hökmünde olaryň tebigatyny häsiýetlendirýän şekilleri ulanylypdyr.

Döwlet nyşanlarynda ýyldyzlaryň, ýyldyzyň we ýarymaýyň şekillerini ulanmak-da giňden ýaýrapdyr. Olarda gyzyl, ak ,ýaşyl reňkler has köp peýdalanylypdyr. Çünki ak reňk — asudalyk, parahatçylyk syýasatyny aňlatsa, gyzyl reňk halkyň, milletiň öz garaşsyzlygyny almak ugrundaky göreşde döken ganyny häsiýetlendiripdir. Ýaşyl reňk bolsa käbir musulman döwletlerinde yslamyň nyşany hökmünde düşünilse, başga birnäçe ýurtda bol hasyllylygy alamatlandyrypdyr. Milli döwlet nyşanlarynyň bir umumy we örän düýpli alamatlaryny, ilkinji nobatda bolsa olaryň islendik ýurduň syýasy, milli-taryhy aýratynlyklaryny häsiýetlendirýändigini belläp geçmek zerurdyr. Türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden bäri öz milli nyşanlary bolupdyr. Şol döwlet nyşanlary batyrlygy, parahatçylyksöýüjiligi, akyl-paýhaslylygy, buýsanjy we beýleki häsiýetleri şöhlelendiripdir.

Garaşsyzlygymyz ykrar edilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet nyşanlarynyň syýasy hem-de hukuk taýdan Konstitusiýamyzda, ulanylýan beýleki kanunlarda berkidilmeginiň gazanylandygyny, olaryň döwlet tarapyndan goralýandygyny bellemek zerurdyr. Tugumyzda türkmen halkynyň aýratyn hormatlaýan, mukaddes saýýan täze dogan Aýyň we bäş sany ýyldyzyň şekiliniň bolmagy-da tebigy ýagdaýdyr. Çünki taryhçylaryň aýdanlaryndan çen tutsak, geçmişde 70-den gowrak döwleti guran türkmeniň baýdagynda-da olaryň şekilleri ýerleşdirilipdir.

Enejan PÜRSIÝANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu