
Bu gün türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär. Iki mukaddesligiň baýramy. Türkmen ruhunyň göge galkan baýramy…
Baýdagyň öňünde mertlik kasamy içilipdir. Watan goragçylary milli Tugumyzyň öňünde kasam edip, Watany janyndan hem eý görüp, öz watançylyk borçlaryny berjaý edýärler. Ata Watanymyzyň mukaddes Tugy halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden beýik Garaşsyzlygynyň datly miwesidir.
Her binanyň, öýüň depesinde şanly ösüşlere ruhlandyryjy ýaşyl Baýdagymyz belentden parlaýar. Ol agzybir türkmen halkyny pasyrdysy bilen birleşdirip dur. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy agzybirligiň, rahatlygyň, asudalygyň baýdagydyr. Ol Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun tapdy. Şunuň özi halkymyz üçin beýik mertebe, uly şan-şöhrat, elýetmez bagtdyr. Ol ýeňişleriň we toýlaryň baýdagydyr.
Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň şanly geçmişini, häzirki bagtyýar döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Şeýle-de bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz Esasy Kanunymyza daýanmak bilen, mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, asyrlar boýy eden arzuwlaryny, beýik maksat-tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Agzybir türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn!
Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.