
2022-nji ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Meýilnamasynyň habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli bentlerini ýerine ýetirmekde goldaw bermek» boýunça taslamanyň çäklerinde «Pikir we pikir azatlygyny goraýan kanunlary we amallary gowulandyrmak» atly tema boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna daşary ýurtly bilermenler, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmekleri üçin häzirki zaman maglumat jemgyýetinde ähli şertleriň döredilendigini bellediler. Maslahatyň çäginde jemgyýeti dessine maglumatlandyrmakda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, maglumat elýeterliligi, awtorlyk hukugy barada pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenler degişli maksatnamalaryň kömegi bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan etmekde hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini aýratyn nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar žurnalistika bilimini ýokarlandyrmak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek hakynda hem täsirli çykyşlary etdiler.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Surata düşüren Taňryberdi MYRATLYÝEW,
Institutyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly laboranty.