HabarlarSport

Türkmen küştçüsine grossmeýster derejesi berildi

17-05-2022 / 14

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) türkmenistanly küştçi Meýlis Annaberdiýewe grossmeýster derejesini berdi. Bu karara FIDE-niň aprel aýynda Abu-Dabide geçirilen mejlisinde gelindi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Küştçi grossmeýsterlige hukuk berýän 2500 utuklyk reýting çäginden geçdi. Häzir 37 ýaşly ildeşimiziň 2507 utugy bar. Şunda Annaberdiýewiň soňky gatnaşan ýaryşlarynyň heniz hasaba goşulmandygyny hem aýtmak gerek. Şeýlelikde, ol türkmenistanly küştçüleriň arasynda iň uly reýting utugynyň eýesidir.

Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň baýrakly orunlarynyň eýesidir. Şol sanda ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionydyr. Meýlis meşhur küştçüler maşgalasyndan bolup, ilkinji tälimleri kakasy, FIDE-niň ussady Baýram Annaberdiýewden we agasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewden aldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu