HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik

17-05-2022 / 12

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň bilelikde gurnamagynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Esasy Kanuny we ondan gelip çykýan milli kanunçylygymyz boýunça ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige institutyň ähli fakultetinden 2-nji we 3-nji ýyl talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Jemi 4 tapgyrdan ybarat bolan bu bäsleşikde “INTERIS” diýlip atlandyrylan 2-nji ýyllardan düzülen topar ýeňiş gazandy. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň degişli diplomlary, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi talyplaryň arasynda Konstitusiýa bilimliligini artdyrmakda, olaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu