Siziň üçin...Slider

Hindi filmlerindäki bu jübütleri siz gowy tanaýarsyňyz!

16-05-2022 / 20

Bollywud kino äleminde aradan näçe ýyllar geçse-de, iň mynasyp jübütler hökmünde tomaşaçylaryň ýadynda galan aktýorlar we aktrisalar bilen tanyşyň.

Raj Kapur we Nargiz

Raj Kapur maşgalasynyň bardygyna garamazdan, Nargiza bolan söýgüsini gizlemändir. Olar diňe ekranlarda ajaýyp aşyk-magşuklaryň roluny ýerine ýetirmän, durmuşda hem biri-birlerine köňül goýupdyrlar. Emma Raj Nargiz üçin maşgalasyndan ýüz öwürmändir. Şonuň üçin olar diňe ekranlardaky iň mynasyp jübütler hökmünde ýada salynýar.

Dharmendra we Hema Malini

Dharmendra we Hema Malini diňe ekranlarda däl, durmuşda hem bir maşgaladyr. Olaryň arasyndaky söýgi surata düşüriliş meýdançasyndaky tanyşlykdan soň döräpdir.

Amitabh Baççan we Rekha

Ähtimal, bularyň söýgi taryhy Bollywud muşdaklarynyň arasynda juda köp jedellere sebäp bolandyr. Amitabh, onuň aýaly Jaýa we Rekhadan emele gelen “söýgi üçburçlugy” hem-de olaryň töweregindäki syryň ebedi bolup galmagy hem mümkin. Herhal bu jübütler filmlerdäki rollaryny örän ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.

Rişi Kapur we Dimpl Kapadiýa

Rişiniň we Dimpliň bilelikdäki ilkinji filmi meşhur “Bobbi” filmidi. Muşdaklar bu filmden soň, olary iň gowy jübütlik hökmünde kabul etdi. Film hem uly üstünlik gazandy. Bular ýene-de birnäçe filmlerde rol oýnap, tomaşaçylaryň söýgüsini aňryýany bilen gazandy.

Şahruh Han we Kajol

Häzirki zaman kino dünýäsinde Şahruh han we Kajoly iň mynasyp jübütlik hökmünde kabul etmeýän tomaşaçy tapylmasa gerek. Olaryň oýnan her bir filmi diňe bir meşhurlyga ýetmän, olaryň özlerine hem uly üstünlik getirdi. Olaryň her bir filmi söýlüp tomaşa edilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu