Göwün küýsegiSlider

Durmuş başga, arzuw başga…

Poeziýa äleminde geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr Gurbanmyrat Saryýewiň täze goşgulary ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär

16-05-2022 / 17

Men syr, hiç aýdyp bolmaýan,
Ebedi galjak açylman.
Sary saçly söýgim meni,
Barar kalbyndan gaçyrman.

Men dil, düşünip bolmaýan,
Terjimeçä mätäç ynsan.
Ýaşap ýören şu ömürim,
Maňa Hakdan gelen yhsan.

Men sen, hiç aýryp bolmaýan,
Bitewülik bu birlikmi?!
Biz iki bolup görünýäs,
Nä ýoluň soňna geldikmi?!
***

ŞAHYR GYZA
Tomusky dynç alyş,
Hemem dynç güni,
Şol bolupdy aýrylyşan senämiz.
Aýra derýaň suwun içdik diýmeseň,
Gör-ä, ykbal babatynda deň-ä biz.

Senem şygyr ýazýaň,
Meňem küýüm şol.
Ýöne bir galamy tutup görmedik.
Öňem bir şahyryň diýişi ýaly,
Seň saçyňy güller goşup örmedim.

Pikirlermiz çapraz gelip barmazdy,
Sen şadyýan, men ýygrarak biridim.
Şygyrýet seň möhürlenen ýoluňdy,
Men poeziýa geljegimi diredim.

Soň birhili öwrülişik boldy-da,
Ýa-ha sen bir ykbalmyzdan çekindiň.
Ýa özüňe, bolman maňa gynanyp,
Müň deliller,
Bahanalar tapyndyň.

Ykbal ýazan däldir, ýogsam bolmasa,
Çykalgalar bardy, çözgüdem bardy.
Bizi birleşdiren poeziýada,
Bile gitsegem-ä bordy…
***

GEŇLIK
Durmuş başga, arzuw başga,
Sensiz oňmandymam başda.
Bary üýtgäýende käşgä,
Eliňden tutup görerdim.

Diýip, aýdyp, derdim, görgim,
Jogapsyz galypdym hergiz.
Diýip, galdy ýürek bergiň,
Sözümi atyp görerdim.

Batbörek galansoň howa,
Ýüpün goýbermeseň gowa.
Göwne guýup dileg-doga,
Elimi açyp görerdim.

Sarygylt saçlaryň darap,
Görsedim ykbala garap,
Şeýdip, seň derdiňe ýarap,
Derdiňi alyp görerdim.

Ekmeli bolsa bolsady,
Ýollarmyz has uzasady.
Käşgä diýenim bolsady,
Ýene-de söýüp görerdim.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu