Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri Döwlet teatr gözden geçirilişine «Nuhuň gämisi» spektaklyny taýýarladylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
«Nuhuň gämisi» pýesasyny sahnalaşdyrmak netijä gelnenden soň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režisýor Aýnazar Batyrow bilen oýun goýujy nakgaş Batyr Bekmyradow gämi gurmaga girişdiler. Gala kysmy äpet gämi kemala gelýänçä ençeme eskiz döredildi. Sahnada gurlan gämi şeýle bir uly boldy welin, sahna giňişligini giňeltmek üçin orkestr çukurynam ulanmaly boldy.
Umman şekili gowy sahna çözgüdi bolupdyr. Howa üflenýän mawy ýüpek mata galgap, tolkun şekilini döredýär.
— Maňa Nuhuň keşbini döretmek miýesser etdi, men hyýaly adamyň däl-de, adaty, elleri gabarçakly, erk-ygtyýary güýçli, adamlardan iň ýagşysyny geljege göçürmek başardan hak adamyň keşbini döretmek isledim — diýip, Nuhuň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew gürrüň berýär.
«TürkmenGazet».