2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy: Berkararlyk kuwwatynyň nurly nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, şeýle-de Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň 30 ýyllygy – berkararlygyň we ösüşiň dabaralanmagy», «Çaganyň hukuklarynyň goraglylygynyň milli hukuk kepillikleri», «Kämil ahlak – ösen jemgyýet» hem-de «Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň ösüşleriniň binýady» atly temalar boýunça çykyşlar edildi.
Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisden soň öz işini «Garaşsyz Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi», «Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň konstitusion esaslary», «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – parahatçylygyň, berkararlygyň we ruhubelentligiň nyşany» atlary bilen bölümçelerde dowam etdirdi. Maslahatlarda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda döwletimiziň hukuk binýadynyň özeninde türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri durýandygy nygtaldy. Mundan başga-da Döwlet Baýdagymyzyň nurana ýaşyl keşbi bütin dünýäde parahatçylyk simwoly bolup belentde parlaýandygy buýsanç bilen bellenildi.
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.