Golaýda “Lyst” platformasy 2022-nji ýylyň iň moda brendleriniň sanawyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, “Balenciaga” dünýäniň iň meşhur brendi hökmünde ykrar edildi.
“Balenciaga” indi bassyr üç ýyl bäri bu sanawda kerwenbaşylygy özünde saklap gelýär. Moda bilen iş salyşýan hünärmenler brendiň bu ýyl hem öz ornunda galmagyny Kim Kardaşýanyň gatnaşmagyndaky reklama kampaniýalary hem-de 2022-nji ýyl üçin gyşky we güýzki lybaslaryň tanyşdyrylyş dabaralarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen baglaýarlar. Hususan-da, geçen çärýekde Kim Kardaşýanyň we Jastin Biberiň “Balenciaganyň” reklama kampaniýalarda çykyş etmegi, brendiň önümlerine bolan islegiň 108% artmagyna ýardam edipdir.
Sanawyň ikinji we üçünji orunlarynda degişlilikde “Gucci” we “Louis Vuitton” brendleriniň ady getirilipdir. Ady agzalan brendler, adatça, her ýyl “Lyst” tarapyndan saýlanylýan ýylyň iň gowularynyň bäşligine girmegi başarýarlar. Mundan başga-da, dördünji ýerde “Prada”, bäşinji ýerde bolsa “Valentino” brendleri orun alypdyrlar. Dünýäniň iň gowy moda brendleriniň ilkinji onlugynda bulardan başga-da “Dior”, “Moncler”, “Bottega Veneta”, “Fendy” hem-de “Miu Miu” ýaly brendler girmegi başarypdyrlar.
Serdar NURMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.