«Maksatlaň birligi birmeňzeş arzuw»
T.Öwezow
Düýn ýalydy gapysyndan ätlänim,
Ýaşlygyň bahary — ömrüň bäş ýyly.
Soň-soňlaram buýsanç bilen ýatlaryn,
Diploma däl, köňle goýlan bäşligi.
Bizi institutyň işigne elten,
Maksatlaryň meňzeşligi, birligi.
Ähliňiziň keşbiňize siňipdir,
Ylmyň yşky, talyplygyň terligi.
Kalba kämilligiň möhrini basan,
Mugallymlar — baky synmaz mertebäm.
Göreldäňiz, sapaklarñyz çelgimiz —
Hemem olar üstünlige merdiwan.
Ertirler bagt bolup atar biz üçin,
Düýş ýaly ýakymly görüner düýnler
Ýetilmedik menzil bolmaz arada,
Bilimliň bilegi zor bormuş diýrler
Bir pursat deý geçip gitdi o demler,
Gözümize uzyn görnen ýyl daşda.
Begenjim kän size ýoldaş edenne,
Dost-dogana dönüp giden ýyldaşlar!
Uçurym biz, uçup barýas geljege,
Durmuş gülüp, açýar bize gujagyn.
Minnetdar, ýol görkezenler, ussatlar,
Sag bol, bäş ýyl bilim beren ojagym!
* * *
Bir özüme uly gelýär bu şäher,
Enemiz deý munam bölüşelimi?!
Bir birine meňzeş diýdiňmi günler?!
Bu gün tutup bilmez düýnüň ýerini.
Çagalygy gaýtalamaz hiç bir gün,
Gaýtarlyp berilmez ýaşlygymyzam.
Günler bir birine meňzeş diýme-dä,
Ertir ýok şu günki joşgunymyzam.
Dek düýn sallançakda hüwdüli ýatan,
Bu gün jedirdeşýär gözmonjuklaryň.
Bu gün geçse, ýene täze daň atar,
Artar gadry mojuk-mojuk zatlaňam.
Çynlakaý durmuşa seretme ýüzleý,
Öz-özüňden otly köýnek geýme sen.
Ýürekler diý, duýgular diý, ýüzler diý,
Günler bir-birine meňzeş diýme sen!
* * *
Leksiýa, sapakly, kitaply ýerler,
Göwnüñi göterýär sergin säherler.
Ýaşlyga ýaşytdaş bolan şäherde,
Talyp ýyllar — ömrüň altyn möwsümi.
Barha artýar ylma, kitaba söýgi,
Şo dälmidir, munda mertebäň beýgi,
Bitekrar, bir täsin süýjümtik duýgy,
Talyp ýyllar — ömrüň altyn möwsümi.
Buýsanç bilen ýöräp geçdim nijeler,
Institutly, arzuw doly köçeden,
Dileglerniň wysalydyr ejemiň,
Talyp ýyllar — ömrüň altyn möwsümi.
Ýüreklere yşk nuruny nagyşlan,
Bilim berer, zehiniň taraşlar,
Bize undulmajak bagty bagyşlan,
Talyp ýyllar — ömrüň altyn möwsümi.
Buýsanç doly günleñ tarypy gazal,
Talyplyk şoň bilen owadan ozal,
Ýatlamalar bilen has ajap, gözel,
Talyp ýyllar — ömrüň altyn möwsümi.
Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uçurymy.