SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň kämillik mekdebi

13-05-2022 / 13

Türkmeniň ruhy-ahlak, ynsanperwerlik häsiýetlerine ýugrulyp döredilen milli gymmatlyklarymyz Watany, keremli topragy, gözel tebigaty, eziz halky, ata-enäni söýmek, doganlyk mertebesi, goňşuçylyk, garyndaşlyk gatnaşyklary, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, agzybir bolmak, dost tutunmak, toý toýlamak, hatyra edebini saklamak ýaly milli däp-dessurlarymyz halkymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini, at-abraýyny has-da beýgeldýär. Halkymyzyň hut şu milli ruhy-ahlak binýady nesiller üçin hem mukaddesdir. Şol mukaddeslikler ýaşlary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde uly mekdepdir.

Adamyň Watana bolan söýgüsi enä bolan söýgüsi ýaly mukaddesdir. Ýaşlaryň kalbynda döreýän watançylyk duýgusy, Watan düşünjesine akyl ýetirmekden hem ony kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýaş nesillerde  taryhymyza, onda gurlan beýik döwletlere, ata-babalarymyzyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerde görkezen edermenliklerine, batyrlyklaryna, milli mirasymyza, maddy, medeni hem ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza bo­lan söýgi döretmekde hem diýseň netijelidir. 

Ata-babalarymyzyň bize galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şertlerinde ösdürmek, durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara giňden düşündirmek hem terbiýelemek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Hawa, pederlerimizden bize gelip ýeten watansöýüjiligi, maddy, medeni gymmatlyklary, ruhy-ahlak arassalygy, halallygy, gözellik älemine garaýyşlary, dana pähim-paýhaslary asyrlar aşyp, asyrlara barýar. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak, şolar ýaly Watan, halk bähbitleri üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek ýaşlaryň durmuş ýörelgesidir.

Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu