Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňiş güni mynasybetly türkmen halkyny gutlady

09-05-2022 / 15

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maý — Beýik Ýeňiş güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag hatyny ugratdy.

Gutlagda: «1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy. Ýürek-bagry erediji bu gowgaly döwürde maşgalalar atalardan we enelerden, ogullardan we gyzlardan, doganlardan we uýalardan aýryldy. Şäherdir obalar ýer bilen ýegsan edilip, parahat durmuşa, dünýä ykdysadyýetine, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň ösüşine uly zarba uruldy. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy» diýlip nygtalýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu