Şenbe güni paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çäräni Aşgabat şäheriniň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary we Goranmak ministrligi gurady.
Weteranlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly çäre uruş ýyllary, gahrymançylyk, mertlik hakynda söhbet açýan aýdymlar bilen utgaşdy.
«TürkmenGazet».