HabarlarSlider

Ýeňiş güni: Watançylygyň, gahrymançylygyň şanly baýramy

Bu toprakda Watanynyň şan-şöhratyny beýgelden edermenler bar.

08-05-2022 / 26

Taryhda öz ata Watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar. Türkmeniň edermen serkerdeleri taryhda uly yz galdyryp, özüniň parasatlylygy, mertligi bilen tapawutlanypdyrlar. Megerem, bu   asylly häsiýetler bilen türkmen özüni dünýä tanadandyr.

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezipdirler. Olaryň atlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyllar geçýär, emma ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça gerçekleriň gahrymançylygy, edermenligi, batyrgaýlygy, gaýduwsyzlygy häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda hemişelik galar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

77 ýyl geçen hem bolsa, ol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar, öz watandaşlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär. Biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde baş egýäris. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.

Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir.

Goý adamzat nesline, şol sanda türkmen halkymyzyň başyna-da uly-uly ýitgileri getiren şol uruş belasy welin, indi hiç-haçan gaýtalanmasyn.

Ýagmyrmyrat BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu