Parasatly pederlerimiz: «Iň gowy goşgy aýdymdyr» diýipdirler. Muňa biz hezreti Magtymgulynyň döredijiliginiň mysalynda has aýdyň göz ýetirip bilýäris. Onuň pähim-paýhas, öwüt-ündew, durmuş sapaklary saýylýan şygyrlarynyň köpüsi irki döwürlerden bäri bagşylar tarapyndan aýdym edilip aýdylyp gelinýär. Türkmen halk aýdymlarynyň ençemesiniň beýik akyldarymyzyň sözlerine döredilendigi ýöne ýerden däldir. Çünki aýdymlara öwrülen şol goşgularyň aýry-aýry setirleri nakyllar, pähimler, atalar sözleri görnüşinde il arasynda dilden düşmän, aýdylyp gelinýär.
Milli teleradioýaýlymlarda ýaňlanýan estrada aýdymlarynyň hem köpüsiniň sözleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişlidigi aýratyn bellärliklidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň tutuş gündogar edebiýatynyň genji-hazynasyna girendigi şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen dürli dabaralarda hem doly ykrar edildi. Onuň sözlerine döredilen aýdymlaryň bütin gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrandygy-da muny tassyklaýar. Olar bu gün türk, azerbaýjan, gazak, garagalpak, täjik we beýleki halklaryň dillerinde hem ýaňlanýar. Goňşy Özbegistanyň islendik künjeginde diýen ýaly toý-tomaşalarda Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlara uly orun berilýär.
Daşary ýurtlarda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerlerinde hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar dürli şanly senelerde, toý-baýramlarda, dabaralarda ýygy-ýygydan ýaňlanýar we olar uly höwes, söýgi bilen diňlenilýär. Biz muňa Owganystanda, Gazagystanda, Garagalpagystanda, Russiýanyň köp ýerlerinde hem duş gelýäris. Şular barada oýlananyňda, Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir pähim-paýhasa beslenen durmuş, öwüt-ündew sapaklary bolman, eýsem, doganlyk-dostlugyň, parahatçylygyň ilçisi hökmünde-de uly ähmiýete eýedigine göz ýetirmek bolýar. Ol goşgular, aýdymlar öz örüsini barha giňeldýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň meşhur taryhy şahslarymyzyň at-abraýyny, şanyny dünýä ýaýmak barada edýän ýadawsyz aladalarynyň oňat miwesini getirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleri, goňşy döwletleriň biziň ýurdumyzda geçirilýän dabaralary mahalynda-da Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň, onuň şygyrlarynyň belentden ýaňlanýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şahyryň mertebesini däl, eýsem, tutuş milletiň mertebesini belende galdyrýar, türkmeni dünýä tanadýar.
Abadan AMANGELDIÝEWA,
Halaç etrabynyň Garabekewül şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.