7-nji maýda Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Tehnologiýa şüweleňi geçirildi. Oňa tehnologiýa dünýäsi bilen gyzyklanýan okuwçylaryň ençemesi, mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşaýjylar, myhmanlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary Mähri Pirgulyýewanyň hem-de Durdy Durdyýewiň dabara gatnaşyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirmekleri çagalar üçin iň bir ýakymly pursatlaryň biri boldy.
Tehnologiýa şüweleňiniň çäklerinde robot ýaryşlary, taslama sergileri, utuşly baýraklar, dürli çaga oýunlary guraldy. Esasy ýaryşlar mekdebiň robot meýdançasynda boldy.
Robot tehnologiýalarynyň bäsleşigi 4 ugurda geçirilip, onuň birinji ugry okuwçylaryň ýasan robot maşynlarynyň ýaryşydyr. Ikinji ugurda okuwçylaryň ýasan robotlarynyň çyzgyny yzarlap, takyk we çalt hereketlenip bilşine baha berildi. Üçünji ugurda awtomatik usulda öz-özüni dolandyryp bilýän robotlaryň takyk hereketine baha berildi. Ýaryşyň dördünji ugry «Mars Rover» diýlip atlandyrylyp, onda okuwçylaryň robotlary päsgelçilikli ýolda hereketlendirip we dolandyryp bilişlerine seredildi.
Açyk meýdanda gurnalan taslama sergilerini synlan myhmanlar mekdep okuwçylarynyň döreden we oýlap tapan zatlaryna diýseň ýokary baha berdiler. Sergä paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň 200-e golaýy öz ýasan robot tehnikalary bilen gatnaşdy. Tehnologiýa şüweleňiniň ahyrynda, ýaryşyň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.
Dabara toý sadakasynyň berilmegi bilen tamamlandy.
«TürkmenGazet».