«Microsoft Edge» «Apple»-iň «Safari» brauzerinden öňe geçip, ikinji orny eýeledi. «Chrome» bolsa öňdebaryjylygyny ýitirmän birinji orunlygynda galdy. Bu barada degişli internet çeşmesi habar berdi.
Ine, iň köp ulanylýan internet brauzerleri:
«Chrome» häzirki wagtda dünýäde iň köp ulanylýan we iň meşhur brauzerdir. Ol 2013-nji ýylda «Microsoft Internet Explorer» we «Firefox»-dan öňe geçipdi.
«StatCounter» tarapyndan neşir edilen maglumatlara ser salanymyzda, dünýäde iň meşhur internet brauzeriniň arasynda 66,58 göterim paýy bilen «Chrome»-yň dowam etdirýändigini görmek bolýar.
Hasabata görä, «Microsoft Edge» häzirki wagtda iň meşhur brauzerleri boýunça ikinji orunda, «Safari» 9,62 göterim paýy bilen üçünji orny eýelemegi başardy. «Mozilla Firefox» 7,87 göterim bilen dördünji, «Opera» bolsa 2,44 göterim bilen bäşinji orny eýeledi.
«TürkmenGazet».