HabarlarSlider

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

06-05-2022 / 22

Bu barada 5-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde habar berildi.

Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýakynda Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde yhlasly daýhanlaryň halal zähmetinden döräp, halkymyzyň rysgaly hasaplanýan ak uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satyp, baýamak islän adamlaryň hyýanatçylykly etmişleriniň üsti açyldy.

Ýurdumyzyň Baş prokurorynyň çykyşyndan görnüşi ýaly, jogapkärli wezipäni eýeläp, ondan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlar bagyşlap bolmajak jenaýat edipdirler. Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow özüniň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, korrupsiýa, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi we bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma ýaly jenaýatlara baş goşupdyr.

Şeýlelikde, R.Durdynazarow eden bikanun hereketleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän R.Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, para bermek, gulluk galplygy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýatlary edipdir we söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beripdir.

Jenaýat jogapkärçiligine çekilen R.Bäşimow kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň aýratyn uly möçberde ogurlanmagy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýata baş goşupdyr.

Şeýle jenaýatlary edip, söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beren G.Babaýew kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başga-da, agyr jenaýat edenlere şärik bolan Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Atdaýew ýurdumyzyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän H.Aşyrow eden etmişleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Haram işlere baş goşan adamlara şärik bolan Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän M.Abdullaýew gulluk galplygy, para almak, para bermek ýaly jenaýatlary edip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Halal işlemegiň ýerine galplyk bilen baýamagy maksat edinen adamlara şärik bolýanlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Şeýlelikde, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi wezipesinde işlän M.Goşunow, jemgyýetiň 1-nji dükanynyň satyjysy wezipesinde işlän B.Zahirow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Y.Meredow, şol jemgyýete degişli 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ý.Seýdalyýew, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory wezipesinde işlän Y.Zahyrow, mundan başga-da, raýatlar A.Sähetmyradow, B.Ataýew, R.Çopanow dagynyň eden etmişleri üçin, kazyýetiň hökümi bilen olaryň her biri 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz! Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu