SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýeňiş üçin doglanlara tagzym!

04-05-2022 / 11

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş indi 77 ýyl bäri ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan ýaşuly nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr.

Uruş we zähmet weteranlary Watana ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezip, ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar.

Biziň watandaşlarymyz diňe fronta däl, eýsem, tylda hem gije-gündiz zähmet çekip, Ýeňşe goşant goşup, watançylygyň we ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler. Uruşlarda wepat bolan hem-de 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Watan gerçekleriniň hatyrasyna «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri döredildi. Halkymyz eziz Watanymyzy goran gahrymanlaryny hiç wagt unutmaýar!

Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu