Şu gün — 4-nji maýda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalaryň we çagalar toparlarynyň 16-sy gatnaşdy.
Bäsleşigiň welaýat tapgyryndaky çykyşlar welaýat çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren «Bike halan» sazy bilen açyldy. Soňra Türkmenabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Madina Saidowa «Bitarap Watanym bar», Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Omar Bazarow «Toýuma gel, toýuma!», Farap etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Daýanç Raýhanow «Türkmenistan ― dost-doganlygyň mekany» atly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şadyýan bäsleşige tomaşa edýänler türkmenabatly okuwçylar Umit Töräýewiň, Allanur Gurbangeldiýewiň, Selbi Hudaýberdiýewanyň, Begenç Rejemyradowyň, Enejan Begenjowanyň, Ferangiz Bäşimowanyň, dänewli zehinler Aziza Bäşimowanyň, Selbi Bagtyýarowanyň, Atamyrat Rozmyradowyň, Saýat etrabyndan Pälwan Şatlykowyň, etrabyň 3-nji orta mekdebiniň folklor toparynyň, Farap etrabyndan Eneş Rejebowanyň çykyşlaryny hem el çarpyşmalary bilen diňlediler.
Bäsleşigiň welaýat tapgyryna Çärjew etrabyndan çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak agzasy Daniýar Jumaýew wekilçilik etdi. Ol «Bagy-bossanym, Watan» atly aýdymy ýerine ýetirdi.
Eminler çykyşlaryň arasyndan iň gowularyny saýlap, olary bäsleşigiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň bosagasynda geçiriljek döwlet tapgyryna hödürlediler.
Gülzar BABAHANOWA,
Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.