Aglama gyz, buruljurap aglama,
Ýylgyrmaly çagyñ a:ga baglanma.
Heniz seni ýylgyrtjaklar dirikä ,
Gussalaryň salgymyna aldanma.
Seret !
Biwagt daman göz ýaşlaryňdan,
Elýaglygyň ezilipdir bireýýäm.
Näme sebäp boldy?
Biwepalykmy?
Haýsy oglan sen deý gyzyň bagtyndan,
Mesligine başy sämän ol haýýar.
Kim bolsa-da unut, senem, tijende,
Bu pursatlaň ajan gussasyny däl,
Pynhan hem höwürli kömelek ýaly,
Gömlüp ýatan ýylgyrşyny alyp gal.
Hemem bezen aýnaň öňüne geç-de,
(Näçe gün bolupdyr bezenmäniňe)
Öz-özüňe timar berip durşuňa,
Öz-özüňi bagtly duý, şükür et,
Begenip şu pursat begenýäniňe.
Hem ýadyňda sakla, aglama hergiz,
Heniz seni ýylgyrtjaklar dirikä.
Wepa PIRNEPESOW.
Gowy ssyt eken.
Gowy ssyt eken. Magtymgulynyñ goshgylaryndan goyaysañyz gaty gowy bolardy