SliderŽurnalistiň sahypasy

Şeýle galalar bar…

Bu galalar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir

03-05-2022 / 19

Amul

Amul galasy
Amul galasy

Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Amulyň orta asyrlarda 200 töweregi gektara barabar meýdany bolup, şol döwürleriň belli şäheri Parižiň meýdany hem şol ululykda ekeni. Amul, arheologlaryň pikiriçe, iki müň ýyl töweregi öň döräp, Amyderýanyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy bu şäheriň gülläp ösüşlerine düýpli täsir edipdir.

Hojaidat

Amulyň günorta tarapynda ýerleşýän Hojaidat galasy barada birnäçe rowaýatlar beýan edilýär. Bularyň ählisinde hem «Hojaidat» adynyň galany arap goşunlarynyň basyp almagyndan soňra dörändigini tassyklaýar. Rowaýatlaryň troýalylaryň aty hakyndaky rowaýata hem-de «Alybaba we kyrk garakçy» ertekisine menzeşdigini aňmak bolýar.

Daýahatyn

Daýahatyn kerwensaraýy
Daýahatyn kerwensaraýy

Amulyň demirgazygynda ýerleşýän, Daýahatyn diýlip tanalýan şäherde duş gelýän ilkinji kerwensaraýyň ýaşynyň IX asyrdan gaýdýandygyny, ony guranyň hem Tahyrylar hökümdarlygyny esaslandyryjy Tahyr al-Hüseýindigini taryhçylar belläp geçýärler. Bu iri düşelgede diňe bir gury ýer bilen barýan ýolagçylar däl, eýsem, derýa gatnawy bilen ýol aşýan täjirler-de kerwensaraýda düşläp geçipdirler.

Göwher ÇÖLIÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 40-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu