SliderŽurnalistiň sahypasy

Halkara Gün güni

03-05-2022 / 7

1994-nji ýyldan bäri 3-nji maý — Halkara Gün güni bellenilýär. Ýer üçin Gün kosmiki energiýanyň güýçli çeşmesidir. Gün ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin zerur bolan ýagtylygy we ýylylygy üpjün edýär we ýer atmosferasynyň iň möhüm aýratynlyklaryny emele getirýär.

Umuman, Gün  Planetanyň ekologiýasyny  kesgitleýär. Şeýle bolmasa durmuş üçin zerur howa bolmazdy. Howa doňan suwlaryň we buzly ýerleriň töwereginde suwuk azot ummanyna öwrülerdi. Ýer togalagy üçin Gün iň möhüm zatlaryň biridir. Ýagny planetamyzda ýaşaýşyň döremeginde Günüň ähmiýeti örän uludyr.

Gün biziň ýyldyzymyzdyr. Gün, ýel, deňiz tolkunlary hemişe töweregimizde we ulanmak aňsat bolan energiýa çig malydyr. Ol radioaktiw galyndylaryň döremegine eltmeýär we zäherli galyndylary asla öndürmeýär. Bu gaýtadan dikeldilýän energiýa bolup durýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekmek we Günüň ýerdäki ýaşaýyş üçin möhümdigini ýada salmak, halkara Gün energiýasy jemgyýetiniň Ýewropa bölüminiň başlangyjy esasynda her ýylyň 3-nji maýynda  Halkara Gün güni bellenilýär. Dürli ýurtlardan höwesjeňler we hünärmenler, jemgyýetçilik guramalary we firmalar gün energiýasynyň mümkinçiliklerini görkezmek bilen baglanyşykly çäreleri guraýarlar.

Şemşat NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu